Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek gynamalaryna "deliller"


"Özbegistanyň hökümeti syýasy matlaplar bilen tussag edilen adamlaryň bendilik möhletini gaty geň we juda galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda uzaldýarlar" diýip, HRW aýdýar.
"Özbegistanyň hökümeti syýasy matlaplar bilen tussag edilen adamlaryň bendilik möhletini gaty geň we juda galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda uzaldýarlar" diýip, HRW aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň maglumatyna görä, “Özbegistanda syýasy matlaplar bilen tussag edilen adamlar dürli gynamalara sezewar edilýärler”.

Bu barada 26-njy sentýabrda çap edilen raport suddan alnan dokumentlere, şeýle ýagdaýlar bilen içgin tanyş adamlar bilen geçirilen interwýulara, şol sanda ýakynda türme tussaglygyndan azat edilen 10 adam bilen geçirilen söhbetdeşlige esaslanýar.

Raportda türmede adam gynamalarynyň dürli görnüşlerde amala aşyrylýandygy, şol usullaryň arasynda tussaglary ýençmek, olara zorlamak haýbatyny atmak ýaly çäreleriň bardygy aýdylýar.

"Galplyk"

“Human Rights Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Stew Swerdlowyň aýtmagyna görä, adamlar köplenç galplaşdyrylan faktlardan ybarat aýyplamalar esasynda tussag edilýärler.

Özbegistanyň hökümeti syýasy matlaplar bilen tussag edilen adamlaryň bendilik möhletini gaty geň we juda galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda uzaldýarlar. Biz raportymyzda şunuň ýaly 44 wakadan 14 sanysyny dokumentleşdirdik. Tussaglaryň käbirleriniň tussaglyk möhleti, meselem, käşiri gowy artmanlygy ýa-da köwşüni çykarmaly ýerinde çykarmandygy, ýogsa-da ak köýnek geýenligi, birugsat hajathana gidenligi üçin uzaldylypdyr.

Şol düzgün bozmalar boýunça agzalýan bendileriň tussaglyk möhleti üç ýyl bilen bäş ýyl aralygynda uzaldylypdyr. Olaryň aklawçy edinmek hukugy ýok, köp halatlarda olaryň tussaglyk möhletiniň uzadylandygy baradaky habar azat edilmeli gününden 5 gün ýa bir aý öň ýüze çykýar Diýip, HRW guramasynyň wekili Stew Swerdlow gürrüň berdi.

Tussaglykdaky žurnalist

Stew Swerdlow bendileriň arasynda žurnalist Muhammet Bekjanow barada aýratyn durup geçdi.

Muhammet Bekjanow dünýäde iň uzak möhlet boýunça türme tussaglygyna höküm edilen žurnalist bolsa gerek. Onuň ýagdaýy Özbegistanyň hökümetiniň öz garşydaşlaryny jezalandyrmak üçin adam hukuklaryny nähili depeleýändiginiň anyk mysalydyr.

M.Bekjanow 1999-njy ýylda zamun alnyp, hiç hili kanuny çäre görülmezden, Özbegistana ugradyldy. Ol suda çekilen mahalynda aýylganç ýagdaýda gynamalara sezewar edildi, onuň ýagdaýy özbek hökümetiniň öz garşydaşlarynyň tussaglyk möhletini nähili usullary ulanyp uzaldýandygyny görkezýän takyk mysallardan biridir.

2012-nji ýylda Bekjanowyň maşgalasyna, onuň azatlyga goyberilmegine bäş gün galanda, sebäbi düşündirilmedik kanun bozmalar diýen aýyplama esasynda türme tussaglygynyň möhletiniň uzaldylandygy hakda habar gowuşdy diýip, Stew Swerdlow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.

Şeýle-de raportda beýleki bir tussag, hukuk goraýjy Abdulrasul Hudaýnazarow barada hem gürrüň edilip, onuň rak keseline uçrandygyna garamazdan, sekiz ýyl tussaglyk döwründe, bejergi almak üçin mümkinçilik sorap hökümete eden ýüzlenmeleriniň hiç birine jogap berilmändigi aýdylýar.

Stew Swerdlow Özbegistanyň hökümetiniň bendileriň gynamalara duçar edilýändigini, hatda özbek türmelerinde syýasy matlap bilen tussag edilen adamlaryň bardygy baradaky maglumatlary asla boýun almaýandygyny aýratyn ýatladyp, bu raportda aýan edilen anyk faktlardan soňra agzalýan gözilginç ýagdaýlary inkär etmegiň asla mümkin bolmajagyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG