Sepleriň elýeterliligi

Kemron hüjümler üçin razylyga garaşýar


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kemron (David Cameron) “Yslam döwleti” atly söweşiji topara garşy howa zarbalaryny amala aşyrmak üçin parlamentiň razylygyny almaga çalyşýar.

Kemron kanunçykaryjylara ýüzlenip eden çykyşynda “Yslam döwleti” atly topara garşy uruşlaryň “birnäçe ýyl dowam edip biljekdigini” hem aýtdy.

Geçen ýyl Britaniýanyň deputatlary britan güýçleriniň Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy howa zarbalaryny amala aşyrmak isleýändikleri baradaky teklipleri ret edensoň, Kemron gürrüňi gidýän täze çäreler barada parlamentiň razylygyny soramakda ikirjiňlenipdi.

Britaniýanyň syýasy giňişligindäki partiýalar “Yslam döwleti” atly söweşiji topara garşy howa zarbalaryny amala aşyrmak meselesinde premýer-ministri goldajakdyklaryny mälim edipdiler.

XS
SM
MD
LG