Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Ýüzlerçe talyban hüjüm etdi


Owganystanyň ýerli resmileri “Talyban” hereketiniň ýüzlerçe söweşijisi strategik Gazny welaýatynyň etrabyna hüjüm etdi diýýärler. Owgan paýtagty Kabulyň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu welaýata amala aşyrylan hüjümde 20-ä golaý adamyň, şol sanda zenanlaryň we çagalaryň öldürilendigi habar berilýär.

Welaýat polisiýa başlygynyň orunbasary Asadullah Ensafiniň 26-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, Ajrestan etrabynda hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky dartgynly çaknyşyklar eýýäm dört günden bäri dowam edýär.

Ensafiniň sözlerine görä, söweşijiler 12 damyň kellesini kesipdir. Olaryň arasynda ýerli polisiýa ofiserleri we olaryň maşgala agzalary bardygy aýdylýar. Söweşijiler üç obany ele salyp, ýaşaýyş jaýlaryny otlaýarlar, diýip owgan resmisi belleýär.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili diýlip çak edilýän Kary Ýusup Ahmad (Qari Yusuf Ahmad) adamlaryň kellesiniň kesilendigi we ýaşaýyş jaýlarynyň otlanandygy baradaky öňe sürmeleri ret etdi. Ýöne ol Ajrestanda söweşijileriň 40 polisiýa ofiserini öldürendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG