Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Howpsuzlyk şertnamasyna ýakynda gol goýlar


NATO-nyň başlygy Anders Fog Rasmussen (Anders Fogh Rasmussen) Owganystanyň täze hökümeti bilen Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň arasyndaky howpsuzlyk şertnamasyna “öňümizdäki günlerde, täze saýlanan prezidentiň wezipesine başlamagy baradaky kasam ediş dabarasyndan soň” gol goýulmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Rasmussen Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda Aşraf Gani we Abdulla Abdulla 4-nji sentýabrda Uelsde geçirilen NATO-nyň sammitine beren bilelikdäki maglumatynda şertnama gol goýmaga wada beripdiler diýdi. Gani we Abdulla öňümizdäki hepde öz wezipelerine başlarlar.

Rasmusseniň sözlerine görä, şertnama NATO-nyň liderligindäki söweş çärelerine gatnaşmaýan Ýardam beriji missiýanyň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap owgan howpsuzlyk güýçlerine türgenleşik, maslahat we ýardam beriji çäreleri geçirmegine ýol açar.

XS
SM
MD
LG