Sepleriň elýeterliligi

HRW: Tussaglara azar berilýär


Özbegistanda syýasy maksatly tussag edilen raýatlar gynamalara sezewar edilip, agyr türme şertlerinde saklanylýarlar, diýip adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy habar berýär.

Gürrüňi edilýän guramanyň 26-njy sentýabrda “Soňuna çenli” ady bilen ýaýradan täze raporty sud resminamalaryna we ýakynda türmeden boşadylan raýatlar bilen geçirilen giň göwrümli interwýulara esaslanýar.

Resminamada tussaglaryň urlup-ýenjilmegi, elektrik togy bilen gynalmagy, emeli demikmegi hem-de jynsy zorluklar bilen haýbat atylmagy we jynsy taýdan kemsitmelere sezewar edilmegi ýaly çäreler suratlandyrylýar.

Şu ýylyň ýaz paslynda azatlyga goýberilenden gysga wagt soň aradan çykan aktiwist Abdurasul Hudoýnazarow özüniň saglyk bejergisini almak isleýändigi baradaky eden haýyşlarynyň yzygiderli ret edilendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG