Sepleriň elýeterliligi

Rublyň derejesi iň pes derejesine düşdi


Günbatar Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly Russiýa garşy sanksiýalary güýje girizenden soň, rus rublynyň hümmeti amerikan dollaryna görä iň pes derejesinde hasaba alyndy.

26-njy sentýabrda Moskwada bazarlar açylandan soň, 1 amerikan dollary 38,96 rubl derejesinde boldy. Rus pul birligine garşy ýewronuň hümmeti hem ýokarlanyp, 26-njy sentýabrda 1 ýewro 49,65 rubl derejesinde boldy.

12-nji sentýabrda Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy täze sanksiýalaryny güýje girizipdi. Şol sanksiýalarda Russiýanyň käbir banklary hem-de uly energetika we goranyş firmalary nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG