Sepleriň elýeterliligi

Futbol: HTTU çempion boldy


Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň final oýnunda Türkmenistanyň Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň (HTTU) futbol topary Demirgazyk Koreýany 2-0 hasap bilen ýeňdi.

Türkmenistanyň Futbol boýunça Ýokary ligasynyň 2013-nji ýyldaky çempiony 26-njy sentýabrda Şri Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen final duşuşykda Demirgazyk Koreýanyň “Rimýongsu” futbol topary bilen güýç synanyşdy.

Belläp geçsek, mundan öň hem HTTU bu ýaryşyň toparlaýyn oýunlarynda “Rimýongsu” bilen duşuşypdy. Şonda oýun 1-1 hasaby bilen gutarypdy.

XS
SM
MD
LG