Sepleriň elýeterliligi

Watana söýgüsi üçin


Onda: “Beýle diýsem, eýle bolaýmasyn? Eýle diýsem, beýle bolar” diýip duran gorky döredýärler.

Onda: “Beýle diýsem, eýle bolaýmasyn? Eýle diýsem, beýle bolar” diýip duran gorky döredýärler.

“Dogup gelýän güni etek bilen ýapyp bolmaz” diýen, açyk hem göni manyly nakyl bar. Eýsem kimdir biri dogup gelýän Günüň öňüni etek bilen örtrjek boldumyka? Şeýle bolmasa, beýle nakyl döremezdi.

Durmuşda Güni bolmasa-da, dogup gelýän ýa eýýäm dogan, aýan bolan zehini ýapyp bilýänler bolupdyr. Muňa biziň aramyzda mysal örän köp. Olardan şahyr Juma Ilmyrady ýatlalyň. Sebäbi ony ýatlamaga häzir wagt boldy.

Watana söýgi

Laýyk mundan 70 ýyl owal - 1944-nji ýylda Türkmenistan respublikasynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyny dabaraly bellemek çäreleri başlanypdy. Bu senä bagyşlap, Juma Ilmyrada goşgy ýazmak tabşyrylýar. Ol höwes bilen “Türkmenistanym” atly goşgy döredýär.

Goşgy uly däl, ol öz ýurduna, täze gurlan döwlete buýsançdan hem söýgüden ybarat. Ol ýaş döwletiň gysga wagt içindäki ösüşini wasp edýär. Munuň Türkmenistan barada ýazylan iň gowy eserlerden biridigini öz wagtynda B. Kerbabaýew mert durup aýdyp bilipdir.

Goşguda şeýle setirler bar:

"Belent çykar barly öýüň tütüni,

Gaýratly är müner bagtyň atyny."

Şu iki setiri üçin, Juma Ilmyrady soraga çagyrýarlar.

– Sen “barly öý” diýip, haýsy synpy göz öňünde tutýaň? “At münýän gaýratly är” kim bolmaly?

Elbetde, bu bir çeper meňzetme, ýagny şahyrana usul. Ol: “goşgy şeýle usul bilen döreýär” diýip bilerdi. Ýöne hol ýokarda demir gözenekli penjiresi bolan ýa-da asla penjiresiz jaýda bu soragy berseler, oňa jogap tapmak kyn. Sebäbi goşgy ýagtylykda döreýär. Onuň jogabyny bolsa garaňky ýerde talap edýärler.

Soraga çekmek

O döwürde “soraga çekmek” diýen çäre bolupdyr. Kimi soraga çekseler, ýagny aýratyn jaýa çagyryp, sorag edip başlasalar, başgalar onuň töwereginden gaçypdyr. Şeýle etmek bilen özüniň ol soraga çekilýäniň tarapynda däldigini görkezmäge çalşypdyrlar.

Bir soraga çekilýäni soňra ady agzalmaýan edara hiç wagt gözden sypdyrmandyr.

Toba getirmek

Şol iki setir goşgy üçin, Juma Ilmyratdan gaýtalap jogap talap edýärler. Jogap almagyň iň aňsat usuly urup-ýençmek. Ýöne onda nähili jogap bolsun?

Uruş döwrüniň açlygy dowam edýän döwründe, “tüssesi belent çykýan barly öý” barmy? O döwürde at münüp ýören gaýratly är galdymy?

Watanyň berkararlygy hem garaşsyzlygy ugrunda göreşenleriň barysyny ýok edipdiler. Jüneýit han, Eziz han ýaly serdarlaryň adyny tutmak gadagandy. Jübüsinde Lenin partiýasynyň bileti bolan, Rewolýusiýanyň göreşiji esgerleri G. Atabaýewdir N. Aýtakow we olaryň egindeşleri, hatda bolşewiklere aşa wepaly saýylan G. Sähedow ýaly şahslar hem ýok edilipdi. Halk arasyndan çykan Seýitmyrat Öwezbaý ýaly bilimli-sowatly adamlar ýeke-ýekeden çöplenip, at-dereksiz gümlendi.

Il hem yurt barada pikir ýöredip bilýän sowatly adam bolsa, ol bolşewik-kommunistmi ýa dindarmy, tapawudy ýok, baryny ýeke-ýeke ýok edipdiler.

Ol sorag berijiler we haýbat atyjylar Juma Ilmyradyň janyny almandyrlar, ýöne öz topragyna bolan buýsanjyny, höwesini, gaýratly hyjuwyny alypdyrlar. Ol biçäräni bu dünýä gelenine birnäçe gezek puşman etdirýärler.

Yzarlama

Şondan soň onuň diňe şahsy durmuşyny däl, her ýazan setirini, her sözüni, oturan-turan ýerlerinde aýdan zatlaryny yzarlap gezipdirler. Onuň yhlasyny, höwesini, şahyrana duýgusyny öldüripdirler. Şahyrlarda ýürekden başga-da, telwas urup duran göwün bolýar. Jellatlar, ana, şol göwni öldürdiler. Onda: “Beýle diýsem, eýle bolaýmasyn? Eýle diýsem, beýle bolar” diýip duran gorky döredýärler.

Watana guwanmak

Bizde näme üçindir, Watany söýýäni söýmez ýaly edýärler. Bu geň, ýöne hakykat. Şeýle syýasat dowam edýär.

Ol ynsanyň kalbynda galan, ýazyp bilmedik goşgulary jebir-jepadan ýaňa ýygyrt tutan ýüzünden hem sada gözlerinden görner durardy. Ol diňe ýüzüňe serederdi, gürlemezdi. Onuň birmahal şahyr bolandygyna ynanmak kyndy.

Ony syçrap duran ganatly bedewiň golaýyna barmaz ýaly etdiler.

Ýol ýakasyndaky mazar

Onuň beýik hyzmady – ynsan şekilli ýaşap bildi. Ahyrky pursatda bolsa, öz topragyna gowuşdy.

Ony önüp-ösen ýeri bolan Saýat topragynda jaýladylar. Ol ak baýryň üstünde, güneşli asmanyň astynda ýatyr. Ol baýryň bir ýüzünden durmuş – uly ýol akýar, beýleki tarapyndan, söýdügi, emma wasp edip bilmedigi Amyderýa akýar.

Juma Ilmyrady tanaýan her bir ötegçi şol ýoldan geçeninde, onuň mazaryna salam berýändir diýip çak edýän.

Bu toprakda diňe gül däl, güle meňzeş ynsanlar döreýär. Yöne gül näzik närse bolansoň, ony hazan solduryp bilýär.

Ýol ýakasynda ýatan şahyr, belki, bu günüň adamlaryny synlaýandyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG