Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rosneft täze nebit ýatagyny tapdy


Orsýetiň iň uly nebit kompaniýasy bolan Rosneft özüniň Demirgazyk Buzly okeanyň Kara deňiz regionyndan täze nebit ýatagyny tapandygyny aýdýar.

Bu beýanat Birleşen Ştatlar Moskwanyň ukrain konfliktindäki roly üçin Rosnefti we onuň başlygy Igor Seçini sanksiýa nyşanasyna alanyndan soň ýaýradyldy.

Rosneft 27-nji sentýabrda täze ýatagyň nebit gorunyň 100 million tonna ýeňil çig nebitden hem kän diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

«Pobeda», ýagny ýeňiş diýlip atlandyrylan täze ýatakda 338 million kub metr gaz hem bar diýlip hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG