Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Astrahana sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine iş saparyny eder.

Ol bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji duşuşygyna gatnaşar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda aýdyldy.

Prezident Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara aýtmagyna görä, Astrahan maslahatynda Hazar deňziniň gidrometreologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, deňziň suw-biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek hakynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklaryň taslamalaryna serediler we gol çekiler.

XS
SM
MD
LG