Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani sesleriň 55 prosentini aldy


Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy 26-njy sentýabrda Aşraf Ganiniň ýurduň dawaly prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 55 prosentden gowragyny alandygyny tassyk etdi.

Komissiýa şu aýyň başynda Ganini ýeňiji diýip yglan etdi, emma galplyk aýyplamalary zorluga getirer diýen howatyr astynda, anyk sanlary aýtmady.

GSK-nyň Kabuldaky dabarasynda Ganä sesleriň 55.7 prosentini alandygyny görkezýän şahadatnama gowşuryldy.

Ganiniň 29-njy sentýabrda kasam kabul etmegine garaşylýar. Onuň bilen bütewi hökümet gurmak ylalaşygyny baglaşan Abdylla Abdylla bolsa premýer-ministriň derejesindäki baş ýerine ýetiriji bolar.

XS
SM
MD
LG