Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" strategiki etraba zabt edýär


Ýerli resmiler «talyban» jeňçileriniň Kabulyň günorta-günbataryndaky Gazni welaýatynda bir etraba hüjüm edip, 20 golaý adamy, şol sanda aýallary we çagalary öldürendigini aýdýarlar.

Welaýat polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Asadullah Ensafi 26-njy sentýabrda hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasyndaky gyzgyn söweşiň Ajrestan etrabynda dört gün bäri dowam edýändigini aýtdy.

Ensafi jeňçileriň 12 adamyň, şol sanda ýerli polisiýa ofiserleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň kellesini kesendigini aýtdy. Jeňçiler üç obany eýeläp, ýaşaýyş jaýlaryna ot berdiler diýip, resmi aýtdy.

«Talybanyň» sözçüsi diýilýän Kary Ýusuf Ahmed adamlaryň kellesi kesildi, jaýlar otlandy diýilýänleri inkär etdi, emma ol jeňçileriň Ajrestanda 40 sany polisiýa ofiserini öldürendigini aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi etrabyň «Talybanyň» eline geçmezligi üçin Ajrestana goşmaça goşun iberýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG