Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý aýal zorlanlary jezalandyrýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý 27-nji sentýabrda aýal zorlamakda we ýaragly talaňçylykda günäli tapylan bäş erkegi jezalandyrmak baradaky buýruga gol çekdi.

29-njy awgustda bolan waka bütin ýurtda gahar-gazap döretdi. Şonda Kabulyň çetindäki toýdan gelýän maşgalanyň maşyny saklanyp, onuň içindäki dört aýal zorlandy we talandy.

Pidalaryň biri göwreli eken we birnäçe gün soň aradan çykdy. Karzaýyň sözçüsi Aýmal Faýzi öz Twitter hasabynda «prezident Karzaý şu gün Ragman [etrap] hadysasynda adam zorlamakda we alyp gaçmakda günäli tapylan bäş erkegiň jezasynyň ýerine ýetirilmegini buýurdy» diýip ýazdy.

Ol bäş erkek şu aýyň başynda ölüm jezasyna höküm edilipdi. Şikaýat sudy 15-nji sentýabrda olaryň ikisiniň ölüm jezasyny, subutnamanyň azlygy üçin, 20 ýyl tussaglyga çalşyrmaly edipdi.

XS
SM
MD
LG