Sepleriň elýeterliligi

Katalan lideri garaşsyzlyga çagyrýar


Ispaniýanyň Katalan regionynyň prezidenti Artur Mas 9-njy noýabrda garaşsyzlyk refrendumyny geçirmek baradaky karara gol çekdi.

Ispan hökümeti Katalana referendum geçirmäge rugsat berilmez diýdi.

Premýer-ministriň orunbasary Soraýa Saýenz de Santamaria 27-nji sentýabrda guralan metbugat ýygnagynda «ähli ispaniýalynyň milli isleginden hiç kim ýokary däl» diýdi we bu referendumy «bikanun» atlandyrdy.

Saýenz de Santamaria ispan hökümetiniň birnäçe gün içinde Ministrler kabinetiniň adatdan daşary maslahatyny geçirjegini aýtdy we refrendum meselesine Konstitusiýa sudunda serediljegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG