Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu «ýalanlary» paş eder


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu BMG-niň Baş Assamleýasynda çykyş etmezinden bir gün öň Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň BMG-niň Baş Assambelýasyna eden ýüzlenmesindäki «töhmetleri we ýalanlary» paş etjegini aýtdy.

Ol 28-nji sentýabrda Tel Awiwden Nýu-Ýorka ugranda, Abbasyň Ysraýylyň goşuny Gaza jeňçilerine garşy 50 günlük urşunda «gyrgynçylyk jenaýatyny» etdi diýen aýyplamasyny ýalana çykarmagy wada berdi.

Şol uruşda 2200-e golaý palastinaly öldürilipdi we olaryň köpüsi asuda adamlardy. Abbas bu sözleri 26-njy sentýabrda BMG-de eden çykyşynda aýdypdy.

Netanýahu BMG-de 29-njy sentýabrda çykyş etmeli. Soň ol Waşingtona gidip, 1-nji oktýabrda Ak tamda prezident Barak Obama bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG