Sepleriň elýeterliligi

Hoň-Koň lideri protest bikanun diýýär


Hoň-Koň polisiýasy protestiçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy. Biraz öň Hoň-Koňyň lideri halky protest aksiýalaryna gatnaşmazlyga çagyrypdy.

Emma demokratiýa tarapdar müňlerçe adam şäheriň merkezini eýelemäge çalyşýar, polisiýa barrikada gurup, köçeleri bekleýär.

Laň Çan-ýiň (Leung Chun-ying) 28-nji sentýabrda bu protestleriň «bikanundygyny» aýtdy. Bu onuň studentler Hoň-Koňda 26-njy sentýabrda köpçülikleýin demonstrasiýa başlaly bäri protestler barada eden ilkinji beýanatydyr.

Studentler ýurtda has giň demokratiýa çagyrýarlar we döwlet baştutanynyň özleri bilen duşuşyp, saýlaw reformalary barada maslahatlaşmagyny talap edýärler.

Laň basym hökümetiň saýlaw reformalary barada konsultasiýalara başlajagyny wada berdi, emma hiç bir anyk senäni agzamady.

Protestçiler Pekiniň saýlaw reformalaryny çäklendirmek barada golaýda kabul eden kararyny ret edýärler.

XS
SM
MD
LG