Sepleriň elýeterliligi

Kabulda partlama boldy


Täze prezidentiň kasam kabul ediş dabarasynyň bir gün öňünden Kabulyň diplomatiki kwartalynda harby maşyna ýabşyrylan bomba partlady.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Najib Daniş magnitli bombanyň 28-nji sentýabrda, prezident howlusynyň golaýyndaky Zanbag skwerinde partlandygyny aýtdy.

Daniş diňe sürüjiniň ýaralanandygyny, hiç kimiň ölmändigini aýtdy. 29-njy sentýabrda boljak inagurasiýa dabarasyndan öň howpsuzlyk ýagdaýy güýçlendirildi.

Hamid Karzaýyň ýerine prezident bolýan Aşraf Ganiniň kasam kabul ediş dabarasyna daşary ýurtly myhmanlar hem çagyryldy.

XS
SM
MD
LG