Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Günbatary "gedemsilikde" günäleýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Birleşen Ştatlary öz bähbitlerini goramak üçin «harby gatyşma» ýüz urmakda günäledi.

Lawrow 27-nji sentýabrdaky çykyşynda "Waşington bir taraply ýagdaýda öz bähbitlerini goramak üçin islendik ýerde güýç ulanmak hukugyny açyk jar etdi" diýdi.

Lawrow NATO-ny hem özüniň Orsýet babatdaky «duşmançylykly ritorikasy» üçin tankyt etdi we bu harby ýaranlygyň «Sowuk uruş döwrüne degişli genetiki koduny üýtgedip bilmeýändigini görkezýär» diýdi.

Ol Günbatar demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, aýratyn alnan ýurtlarda adam hukuklaryny wagyz etmek bilen, halkara arenasynda döwletleriň özygtyýarlylygyna garşy hereket edýär diýdi.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini «beýleki ýewropa döwletleriniň ählisiniň kanuny bähbitlerini nazara almazdan, öz kontrolluklary astyndaky geosyýasy giňişligi giňeltmäge» çalyşmakda aýyplady.

“Ukraina şu gedem syýasatyň pidasy boldy” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG