Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Agrar partiýa döredildi


Şu gün, 28-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň uçreditel gurultaýy boldy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy bu gurultaýa ýurduň dürli regionlaryndan delegatlaryň, täze partiýa agza bolmaga isleg bildiren oba hojalyk wekilleriniň gatnaşandygyny habar berýär.

Şeýle-de gurultaýa ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň aktiwistleri, habar serişdeleriniň wekilleri çagyrylypdyr.

Ýygnagy partiýanyň dörediji gurultaýyny geçirmek baradaky guramaçylyk komitetiniň agzalary açyp, ýygnananlary ýurt üçin taryhy waka - Agrar partiýanyň döredilmegi bilen gutladylar diýip, habarda aýdylýar.

Gurultaýyň dowamynda Agrar partiýanyň Düzgünnamasy we Programmasy tassyklandy, şeýle-de onuň başlygy saýlandy.


XS
SM
MD
LG