Sepleriň elýeterliligi

Jemilewiň ogly Russiýa geçirildi


Krym tatarlarynyň lideri weteran Mustafa Jemilew (Mustafa Dzhemilev) tussaglykdaky oglunyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitiniň resmileri tarapyndan Russiýanyň Krasnodar regionyna geçirilendigini habar berýär.

Jemilew 29-njy sentýabrda Ukrainanyň “Kanal 24” telekanalyna beren interwýusyna görä, Kreml Haýser Jemilewi tatar liderine basyş etmek üçin zamunlykda saklaýar.

Haýser Jemilew dostuny atyp öldürdi diýilýän waka bilen ilteşikli 2013-nji ýylyň maý aýynda tussag edilipdi.

Mart aýynda Russiýa Krymy anneksiýa edensoň, ýarymadanyň resmileri bu baradaky derňewleri gaýtadan gozgadylar. Krymyň resmileri Russiýanyň Jenaýat kodeksine görä, Haýser Jemilewiň üç, şol sanda adam öldürmek we ýaraglary bikanun saklamak aýyplamalary bilen tussaglykda saklanýandygyny aýtdylar.

Maý aýynda Krymyň Moskwa tarapyndan goldanylýan resmileri Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini berk protest eden Mustafa Jemilewiň ýarymada girmegini gadagan edipdiler.

XS
SM
MD
LG