Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik ruhanysynyň fetwasy alada döretdi


Täjigistanda hökümete degişli bolmadyk guramalar we garaşsyz žurnalistler Täjigistanyň Ulemalar, ýagny Ruhanylar geňeşi tarapyndan çykarylan fetwa barada alada bildirdiler. Gürrüňi gidýän fetwa musulmanlara hökümeti tankyt edýän we “durnuksyzlaşdyrýan metbugat serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi” gadagan edýär.

Täjigistanda bu fetwa 26-njy sentýabrda juma namazynda yglan edildi.

Gürrüňi gidýän fetwada hökümete garşy islendik çärä gatnaşmak we Täjigistany durnuksyzlaşdyrmagy maksat edinýän islendik metbugat serişdesi, syýasy topar we ýerli ýa-da daşary ýurtly guramalar bilen işleşmek musulmanlar üçin “uly günä işdir” diýilýär.

Täjigistanda “Sud konsorsiumy” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy Rahmatillo Zoirow 29-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Täjigistan dünýewi ýurt bolany we ýurtda birnäçe syýasy partiýalaryň hasaba alnandygy we konstitusiýada söz azatlygyna kepil geçilýändigi üçin fetwanyň täjik kanunlaryna gapma-garşy gelýändigini aýtdy.

“Catoday” atly habar websahypasynyň baş redaktory Marat Mamadşoýew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Täjigistanyň Baş prokuraturasy fetwa barada öz garaýşyny beýan etmeli diýdi.

XS
SM
MD
LG