Sepleriň elýeterliligi

Tähran: Ýadro gepleşiklerine ýakynda başlanar


Tähran yslam respublikasynyň ýadro programmasy boýunça Eýran bilen dünýäniň iri alty döwletiniň arasyndaky gepleşikleriň oktýabr aýynyň ortalaryna çenli Ýewropada täzeden başlajakdygyny habar berýär.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi 29-njy sentýabrda Tähranda metbugat serişdelerine beren maglumatynda gepleşikleriň iki hepdäniň içinde Wenada ýa-da Ženewada täzeden başlajakdygyny aýtdy. Bu gepleşiklerde 24-nji noýabra çenli Tähranyň ýadro programmasy boýunça taryhy ylalaşyga gelinmek maksat edinilýär.

Şeýle-de, Arakçi ýakynda Nýu-Ýorkda geçirilen gepleşiklerde “degerli öňe gidişikleriň” bolmandygyny we Eýranyň ylalaşyga gelinmek baradaky soňky möhleti (24-nji noýabr) uzaltmaga isleginiň ýokdugyny belledi.

XS
SM
MD
LG