Sepleriň elýeterliligi

Gani, Abdylla wezipelerine başlady


Owganystanda Aşraf Ganiniň (Ashraf Ghani) ýurduň prezidenti wezipesine inaugurasiýa dabarasy geçdi. Şol bir wagtyň özünde Abdylla Abdylla (Abdullah Abdullah) Owganystanda premýer-ministriň derejesindäki baş ýerine ýetiriji wezipesine kasam etdi.

Gani we Abdylla Owganystanda hökümetiň ilkinji demokratik geçişinde 29-njy sentýabrda Kabulda öz wezipelerine başladylar. Owganystanda prezidentlik wezipesi tamamlanan Hamid Karzaý 2001-nji ýyldan bäri ýurduň ýeke täk lideridi.

Gani owgan prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilenden üç aý çemesi wagt soň, resmi taýdan ýurduň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji diýlip 21-nji sentýabrda yglan edildi.

Aşraf Gani Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk paktyna gol goýmaga wada beripdi.

XS
SM
MD
LG