Sepleriň elýeterliligi

Awtobus gatnawy gymmatlady


1-nji oktýabrdan şäher içi awtobuslarda bir ugra ýol kireýiniň nyrhy 30 teňňe möçberde kesgitlenilýär

1-nji oktýabrdan şäher içi awtobuslarda bir ugra ýol kireýiniň nyrhy 30 teňňe möçberde kesgitlenilýär

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň administrasiýasy paýtagtyň jemgyýetçilik şäher içi awtobus transportynyň töleg nyrhynyň galdyrylýandygy barada bildiriş ýaýratdy. Bu bildirişler, esasan, şäher awtobuslarynda hem-de ahyrky awtobus duralgalarynda asylypdyr.

Bu bildirişde aýdylyşy ýaly 1-nji oktýabrdan şäher içi awtobuslarda bir ugra ýol kireýiniň nyrhy 30 teňňe möçberde kesgitlenilýär. Häzir ýol nyrhy bir ugra 20 teňňe. Şeýle-de bir aýlyk umumy ýol peteginiň bahasy hem 8 manatdan 20 manada çenli galdyrylypdyr.

Şol bir wagtda hem okuwçylar we pensionerler üçin bir aýlyk ýol petekleriniň bahalary öňküligine galdyrylypdyr. Okuwçylar üçin bir aýlyk ýol peteginiň bahasy 2 manat, pensionerler üçin bolsa 1 manada durýar.

Ýol kireýiniň gymmatladylmagy barada bildiriş

Ýol kireýiniň gymmatladylmagy barada bildiriş

Awtobus ýol kireýiniň gymmatladylmagy barada bildirişler asylan bolsa-da, onuň nähili sebäpleriniň bardygy barada ilat köpçüligine düşündirilmeýär. Hatda köpçülikleýin habar serişdelerinde bu gymmatlaşyk barada habar hem berilmedi.

Awtobuslaryň ýol kireýiniň gymmatladylmagyndan nägile bolýan paýtagtlylar bolsa az däl.

Ylaýta-da býujet edaralarynda işleýän paýtagtlylary bu ýagdaý nägile edýär. “Göräýmäge, 30 teňňe hiç zat ýaly. Emma şol pulam, ýuwaş-ýuwaşdan ýygnanyp, ep-esli çykdaja öwrülýär. Umumy bir aýlyk ýol peteginiň 20 manada çenli gymmatladylmagy hem býujet edaralarynda işleýänler üçin goşmaça çykdajy bolar” diýip, paýtagtly Ýazgeldi öz nägileligini bildirýär.

8 manatlyk ozalky awtobus petegi

8 manatlyk ozalky awtobus petegi

Ýatlap geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri, ýagny 2006-njy ýyldan soň bu indi ikinji gezek awtobus ýol kireýiniň nyrhynyň ýokarlandyrylmagydyr. 2008-nji ýylda awtobus ýol kireýi denominirlenen pulda 1 teňňeden 20 teňňä çenli gymmatladylypdy. Şol wagt denominirlenen pulda 1 manada duran bir aýlyk ýol peteginiň bahasy hem 8 manada çenli ýetirilipdi.

Ýaňky belläp geçişimiz ýaly, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň şäher içi awtobus gatnawynyň ýol kireýiniň nyrhlarynyň ýokary galdyrylmagynyň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili düşündiriş berilmeýär. Emma hojalyk hasaplaşygyndaky bu kärhananyň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu gymmatlaşyk kärhananyň häzirki maliýe ýagdaýy bilen bagly.

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy hojalyk hasaplaşyk esasynda ýöredilýär

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy hojalyk hasaplaşyk esasynda ýöredilýär

Bu kärhananyň öz adynyň tutulmagyny islemedik bir işgäriniň aýtmagyna görä, kärhananyň häzirki wagtda döwlen awtobuslaryň zerur şaý-seplerini satyn almaga hem pul serişdesi ýetenok. “Häzir 250 sany awtobus ýola çykyp bilmän ýatyr. Olary bejermek üçin şaý-sepleri satyn almaly. Pul bolsa ýok” diýip, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň işgäri aýdýar.

Awtobuslaryň ýola çykman, garažlarda durmagy bolsa paýtagtyň şäher içi awtobus gatnawynyň ýygylygyna hem öz täsirini ýetirýär. Mysal üçin, 20-nji marşrut boýunça 12 sany awtobus gatnamaly. Emma awtobus ýetmezçiligi sebäpli eýýäm bir-iki aý bäri bu marşrut boýunça diňe bäş sany awtobusyň gatnaýan günleriniň seýrek däldigini Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri gürrüň berýär.

"Häzir 250 sany awtobus ýola çykyp bilmän ýatyr"

"Häzir 250 sany awtobus ýola çykyp bilmän ýatyr"

Ýeri gelende belläp geçsek, bu kärhanada awtobus sürüjileriniň ýetmezçilik edýändigi hem aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynda häzir 700 sany awtobus bar. Olaryň ählisi diýen ýaly soňky 6 ýylyň içinde ýurda getirilen "Hýundaý" kysymly awtobuslar. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy paýtagtyň şäher içi marşruty boýunça 70-e golaý awtobuslary gatnadýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG