Sepleriň elýeterliligi

Astrahanda Hazaryň statusy maslahat edildi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça şertnamanyň bäş Hazarýaka ýurdy bilen geçiriljek indiki sammitde kabul ediler diýip umyt edýän diýdi.

Putin bu barada Russiýanyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň dördünji sammitinde belledi. Putin Astrahanda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, azeri prezidenti Ylham Aliýewi, Eýranyň prezidenti Hassan Rohanini we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewi myhman etdi.

Hazar deňziniň statusy boýunça indiki sammit kesgitlenilmedik günde Gazagystanda geçiriler. Astrahan duşuşygy soňky 12 ýyl çemesi wagtyň içinde geçirilen dördünji Hazarýaka sammitidir.

XS
SM
MD
LG