Sepleriň elýeterliligi

Türke durmuşa çykmak "bikanunmy"?


Resmi nika dabarasy

Resmi nika dabarasy

Käbir tassyklanmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanda we Türkiýede türke durmuşa çykan türkmen gyz-gelinleriň sany az däl.

Türke durmuşa çykan maşgalalar Türkmenistana baranda ýa-da Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanalaryna, kosulhanalaryna ýa-da bolmasa haýsam bolsa bir resmi edarasyna işi düşüp baranlarynda dürli kynçylyklara duş gelýändikleri we hususanam işgärleriň äsgermezçiliklerine duçar bolýandyklary öňe sürülýär.

Olara ýöňkelýän "güna ýa aýyplama" bolsa "türke durmuşa çykmaklyk" bilen baglydygy aýdylýar.

Eýsem, näme üçin türke durmuşa çykan türkmen gyz-gelinlere Türkmenistanyň resmileri şeýle oňaýsyz çemeleşýärkä? Bu problema türk-türkmen maşgalalara nähili täsir ýetirýärkä? Türkmenistana gidip yzyna gaýdyp bilmeýän türkmen maşgalalar nähili ýagdaýlary başdan geçirýärkä? Bu ugurda kynçylyklara duçar bolan türkmen gelinler nähili çykalga gözleýärlerkä?

Azatlyk Radiosy "Türke durmuşa çykmaklyk "bikanunmy?" diýen tema esasynda "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda türke durmuşa çykan türkmenistanly gelinleriň problemalaryny ele alýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG