Sepleriň elýeterliligi

Hazar: Türkmenistan nähili orun tutýar?


Hazarýaka döwletleriniň sammiti, Astrahan, 29-njy sentýabr, 2014.

Hazarýaka döwletleriniň sammiti, Astrahan, 29-njy sentýabr, 2014.

29-njy sentýabrda Astrahanda hazarýaka döwletleriniň sammiti geçirilýär. Bu dördünji sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri gatnaşýarlar. Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň ilkinji duşuşygy 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Häzir Orsýetde geçýän bu ýokary derejeli duşuşykdan nämä garaşylýar we Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek problemasynda Türkmenistan nähili orun tutýar? Azatlyk Radiosy bu problemalar barada Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Andreý Grozin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Andreý Walentinowiç, hazarýaka döwletleriniň Astrahanda geçýän sammitine bildirilýän gyzyklanma näme bilen bagly.

Andreý Grozin: Ozalky ýyllarda bu regional duşuşyk bolan bolsa, häzirki wagtda halkara häsiýete eýe boldy. Halkara derejesindäki häzirki syýasy ýagdaý hem bu tema ünsi güýçlendirýär. Sammitiň esasy gatnaşyjylary Orsýet we Eýran halkara derejesinde üns merkezinde durýarlar. Häzirki wagtda Eýran sanksiýalaryň astyndan çykýar, Orsýet bolsa sanksiýalaryň täsiriniň astyna düşýär, bu hem duşuşyga ünsi güýçlendirýär. Bu sammitiň Hazar deňziniň statusyny kesgitlemekde öňe tarap ädim bolmagyna belli bir derejede umyt baglanylýar, şol bir wagtda-da onuň böwsüş häsiýetli bolman, öňe barýan ýoldan ilkinji basgançak boljagyna, ýagny Hazar deňziniň statusyny kesgitlemegiň ýörelgeleri barada ylalaşyga gelinjegine umyt baglanylýar. Şeýle ylalaşyga gelnen ýagdaýynda Hazar deňziniň ýuridiki statusynyň kesgitlenmegine hem ýol açylar.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek meselesi regionyň döwlet baştutanlarynyň arasynda ilkinji gezek 2002-nji ýylda Aşgabatda maslahat edildi. Şondan bäri takyk ylalaşyga gelinmese-de, haýsy-da bolsa bir özgeriş boldumy?

Andreý Grozin: Hazarýaka bäşligi örän seýrek duşuşýar. Sammitleriň taryhynda Aşgabatdaky sammit köp ýada düşýär. Şonda merhum prezident Saparmyrat Nyýazow Hazar - dostlugyň deňzi bolmaly, emma ondan ganyň ysy gelýär diýipdi. Şondan bäri ýagdaýyň üýtgändigini görmek mümkin. Häzirki wagtda Hazar deňzine konflikt döredýän bir zona hökmünde garalmaýar. Häzirki wagtda regional döwletleriň arasynda howpsuzlyk meselesine üns berilmegi esasan dünýäde radikal ekstremistik duýgularyň, hereketleriň we guramalaryň güýçlenmegi bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmeginde esasy päsgelçilik näme?

Andreý Grozin: Bu - deňiz serhetleriniň kesgitsizliginden gelip çykýar. Ähli döwletler deňziň kenarýaka giňişliginiň, düýbüniň we suwasty giňişliginiň bölünişini özüçe görýärler. Demirgazykda Orsýet, Azerbaýjan we Gazagystan öz aralarynda belli bir derejede ylalaşan bolsalar, deňziň günorta böleginde konfliktli ýagdaý dowam edýär. Eýranyň Azerbaýjan we Türkmenistan bilen arasynda ylalaşyksyzlyk dowam edýär, bu ýagdaý Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyna hem degişli.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek meselesinde haýsy-da bolsa bir ýurduň esasy päsgelçilik döredýändigi barada aýtmak mümkinmi? Bu ýerde Türkmenistanyň pozisiýasy nähili?

Andreý Grozin: Her bir tarap ylalaşyga gelinmegiň şowsuzlygynda öz goňşusyny aýyplamaga ýykgyn edýär. Emma esasy gapma-garşylyk Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde emele gelen döwletleriň we Eýranyň arasynda. Eýran Hazar deňziniň hiç bolmanda Orsýet bilen deň bölegine eýe bolmaga isleg bildirýär. Türkmenistanyň pozisiýasy barada aýdylanda, bu ýurduň häzirki ýolbaşçysy daşary syýasat meselesinde örän çäkli çykyş edýär. Türkmenistanyň daşary syýasaty köpçülik üçin ýapyklygyna galýar. Emma mundan beýläk Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça pozisiýasynyň beýleki goňşularynyň pozisiýasyna görä özgerjegini çak etmek mümkin, sebäbi bu ýurt öz diplomatiýasynda bitaraplyk statusyny özüne galkan edinip gelýän hem bolsa, regiondaky we halkara derejesindäki proseslerden yza galmajak bolýandygyny görkezýär. Şu çaka çenli Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýasatyny öz pozisiýasyna ünsi çekmezlik strategiýasy esasynda alyp barypdy.

XS
SM
MD
LG