Sepleriň elýeterliligi

Karzaýyň iň meşhur sitatalary


Hamid Karzaý, Kabul, 29-njy sentýabr

Hamid Karzaý, Kabul, 29-njy sentýabr

Hamid Karzaý iki sany durnuksyz we gapma-garşylykly möhletden soň Owganystanyň prezidenti wezipesini parahatçylykly terk edýän ýeke-täk döwlet baştutanydyr. Karzaý prezidentlik wezipesinden 29-njy sentýabrda çekildi. Karzaýyň prezidentlik möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda onuň 13 ýylyň dowamynda iň kop ýatda galan sitatalarynyň sanawy düzüldi.


“Olar indi gaçgak bir topary emele getirýärler. Olar mundan beýläk hökümet däl. Olar mundan beýläk syýasy hereket däl. Olar mundan beýläk Owganystanyň reallygy däl. Biz olara howp hökmünde garamaýarys”.


-- 2002-nji ýylyň oktýabry, ABŞ-nyň Owganystana goşun salmagyndan bir ýyl geçensoň, CNN telekompaniýasynyň "Late Edition" programmasynda “Talyban” barada eden çykyşy.


"Owganystan Allanyň emri bilen üç-dört ýyllyk wagtda öz aýagyna galar. Muňa çenli biz, elbetde, halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda ABŞ-nyň berk ýardamyna, olaryň biz bilen galyp, bize doly goldaw bermegine mätäç".


-- 2003-nji ýylyň fewraly, ABŞ-nyň Yraga goşun salmagyndan bir aý öň, Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde eden çykyşy.


"Eger başarsamdym... biz olary saklardyk we urup gaçyrardyk. Eger mümkinçiligimiz bolsa, biz ony ulanyp, Amerikan uçarlaryny saklap bilerdik”.


-- 2008-nji ýylyň noýabry, owgan obalaryna edilen howa hüjümlerine garşy çykyşy.


"Aramyzda açyk göreş başlandy we Allanyň islegi bilen Owganystan ýeňiji bolar”.


-- 2009-njy ýylyň fewraly, Waşington bilen güýçlenýän gapma-garşylyklar barada.


"Biz mümkin boldugyndan tiz wagtda tutuş Owganystana parahatçylyk getirmäge, Owganystana gutarnykly parahatçylyk getirmäge we biziň “Talyban” doganlarymyzy we beýlekileri olaryň öz ýurdunyň gujagyna dolmagyna çagyrmaga synanyşarys”.


-- 2009-njy ýylyň noýabry, prezidentlik wezipesinde ikinji möhlete galmak üçin ýeňiş gazanansoň eden çykyşy.


"Eger siz we halkara jemgyýetçiligi maňa has köp basyş etseňiz, men “Talybana” goşulmagy wada berýärin”.


-- 2010-njy ýylyň aprel aýynda Karzaý, maslahata gatnaşan parlament agzalarynyň sözlerine görä, saýlawlar baradaky kanuna teklip edilen düzedişleri girizmekden boýun gaçyran kanunçykaryjylaryň öňündäki çykyşynda aýtdy.


"Eýranyň hökümeti meniň edarama bäş, alty ýa ýedi ýüz müň ýewro möçberinde ýylda bir ýa iki gezek kömek berýär, bu resmi kömekdir. Bu açykdyr. Bu hatda öňki prezident George Buş bilen pikir alşylan bir zat. Hiç zat ýaşyrylmaýar. ABŞ hem şuňa meňzeş bir zady edýär... bu haltalap pul berýär. Hawa, munuň hemmesi meňzeş”.


-- 2010-njy ýylyň oktýabry, Eýranyň Karzaýyň administrasiýasynyň ýolbaşçysyna haltalap nagt pul berýändigi we berlen puluň diňe birbada 6 million dollara ýetýändigi barada maglumatlar boýunça žurnalistleriň öňünde eden çykyşy.


"Hudaý saklasyn, eger Pakistanyň we Amerikanyň arasynda uruş bolaýsa, biz Pakistan bilen bile bolarys. Eger Pakistana hüjüm edilse we eger pakistan halky kömege mätäç bolsa, Owganystan siz bilen bolar. Owganystan dogandyr".


-- 2011-nji ýylyň oktýabry, Yslamabad bilen gatnaşyklaryň erbetleşen döwründe Pakistanyň “Geo” telewideniýesinde eden çykyşy.


"Bizi iki sany melgundan ABŞ-dan we “Talybandan” dyndarmagy Hudaýdan soraly. Biziň ýurdumyzda häzir iki sany melgun bar".


-- 2012-nji ýylyň marty, ABŞ-nyň dolandyrmagyndaky Bagram howa bazasynda Gurhanyň nusgalarynyň oda ýakylmagynyň yz ýany eden çykyşyndan.


"Kabulda we Host welaýatynda bolan partlamalar ... olaryň (“Talybanyň”) Amerikanyň gullugyndadygyny görkezýär. Olar bizi gorkuzyp, Owganystanda daşary ýurtlular bolmasa, biziň şeýle wakalar bilen ýüzbe-ýüz boljagymyz barada pikir döretmäge synanyşýarlar”.


-- 2013-nji ýylyň mart aýy, 19 adamyň ölümine sebäp bolan janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynyň yz ýany eden çykyşy.


"Owganystanda korrupsiýanyň bardygy hakykatdyr. Aslyýetinde bu ajy hakykat. Emma biziň hökümet edaralarymyzdaky para korrupsiýanyň diňe kiçijik bölegidir. Biziň ýurdumyzda korrupsiýanyň ýüzlerçe million dollary öz içine alýan uly bölegi bize degişli däl. Korrupsiýanyň ägirt uly bölegi biziň hökümetimizi gowşatmak üçin biz babatynda ulanylýar. Munuň üçin biz günäli däl. Bu biziň günämiz däl”.


-- 2012-nji ýylyň dekabry, korrupsiýada daşary ýurtlulary aýyplap, telewideniýe arkaly eden çykyşy.


"Men pasifist, men doly pasifist. Men urşa ynanmaýaryn, men ýaraga, syýasatçylara ynanmaýaryn. Men olary hapa diýip hasaplaýaryn”.


-- 2014-nji ýylyň marty, "Washington Post" gazetinden ”Dünýä siz hakda heniz nämeleri bilenok?” diýlip berlen sowala jogaby.


"Eger Amerika we Pakistan hakykatdanam muny isleýän bolsalar, Owganystana parahatçylyk geler. Owganystandaky uruş daşary ýurtlularyň bähbidinedir. Emma owganlar iki tarapda-da urşuň gurbany we pidasy bolýarlar”.


-- 2014-nji ýylyň sentýabry, häkimiýet başyndan çekilip, hökümetiň öňünde eden çykyşyndan.

XS
SM
MD
LG