Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Adaty däl nobatlar


Ýolagçy awtobuslaryna bir aýlyk satylýan ýol petekleriniň oktýabr aýy üçin 8 manatdan 20 manada galdyrylandygyna seretmezden, ilata satylmaly petekleriň satuwynda uly bökdençlikler döredi. Ozalky wagtlarda awtobus duralgalarynda hem satylýan petekler soňky aýlarda Aşgabadyň aragatnaşyk bölümlerinde satuwa çykarylyp ugraldy. Häzirki wagtda aragatnaşyk bölümlerinde petekleriň ýetmezçiligi sebäpli uly nobatlar emele geldi. Şekillerde Aşgabat şäheriniň merkezi poçta bölüminde emele gelen nobatlar. 30-njy sentýabrda ir sagat 11-00 töwereginde hem petekler aragatnaşyk bölüminde satuwda ýokdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG