Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýabany haýwanlaryň sany azalýar


Ýarym asyrdan az wagtyň dowamynda dünýädäki ýabany haýwanlaryň sany öňküsinden azalyp, ýarymyna düşdi. Bu barada daşky-gurşawy öwrenýän dünýäniň iň uly toparlarynyň biri öz täze derňewlerinde habar berýär.

Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän WWF, ýagny “Ýabany tebigatyň bütindünýä fondy” atly topar tarapyndan 30-njy sentýabrda ýaýradylan raportda iki ýyl mundan ozal haýwanlaryň sanyny kesgitlemek boýunça usullaryň gowulandyrylandygyna garamazdan, olaryň sanynyň öňküsinden 52% pese gaçmagy örän hopukdyryjy netije diýilýär.

“Ýaşaýan planeta 2014” atly derňew “süýdemdiriji haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň we balyklaryň 10 müňden gowragyny öz içine alýar”.

Topar 1970-2010-njy ýyllar aralygynda tebigatyň dürlüliginiň birden pese gaçmagyny adamlaryň “tebigata bolan talaplarynyň artmagy” bilen düşündirýär.

XS
SM
MD
LG