Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gong Kongyň lideri çagyryş etdi


Gong Kongyň lideri demokratiýa tarapdary protestçileriň “derhal” köçäni boşatmagy üçin çagyryş etdi. Bu çagyryş protestçiler Hytaýyň territoriýasynyň bir böleginde köçeleri böwetlemegi dowam etdirýän mahaly bolup geçdi.

Leung Chun-ying özüniň 30-njy sentýabrda beren maglumatynda Hytaýyň Pekindäki kommunist liderleriniň 2017-nji ýylda ýolbaşçyny saýlamak boýunça ilkinji göni saýlawlara degişli ses berişlik reformalaryny çäklendirmekden el çekmejegini aýtdy.

Şol saýlawlarda kandidatlary seçip-saýlamak raýatlar üçin çäkli bolar we olar Pekin tarapdary komissiýa tarapyndan tassyklanylmaly bolar. Gong Kongdaky protestçileriň liderleri Leungyň talaplaryny ret etdiler we onuň işden çekilmegi baradaky çagyryşlaryna täzeden başladylar.

Aglabasy talyplardan ybarat protestçiler Gong Kongyň indiki liderini erkin saýlamak üçin özlerine hukuk berilmegini isleýärler.

XS
SM
MD
LG