Sepleriň elýeterliligi

Rus, Gazak resmileri ýadro şertnamasyna gol goýdy


Russiýanyň we Gazagystanyň resmileri ýadro hyzmatdaşlygy boýunça şertnama gol goýdular. Bu şertnama 30-njy sentýabrda Gazagystanyň Russiýa bilen serhetleşýän regionyndaky Atyrau şäherinde geçirilen forumyň çäginde gol çekildi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew regionlaryň arasyndaky bir günlük dabara gatnaşdylar.

Gazagystanyň energetika ministri Wladimir Şkolnik we Russiýanyň “Rosatom” ýadro energiýa korporasiýasynyň baş müdiri Sergeý Kirienko tarapyndan gol goýlan şertnama laýyklykda, atom energiýa stansiýasy Gazagystanyň gündogaryndaky Kurçatow şäherçesinde gurlar.

XS
SM
MD
LG