Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gürjü lideri eksgumasiýa ediler


Gürjüstanyň prokurorlary ýurduň öňki premýer-ministri Zurab Žwanianyň ölümi bilen baglanyşykly derňewleriň bir bölegi hökmünde onuň jesediniň eksgumasiýa edilmegi, ýagny mazarynyň gaýtadan açylmagy barada karar çykardylar.

Gürjü prokurory Rewaz Nadoi 30-njy sentýabrda Tibiliside žurnalistlere beren maglumatynda Žwanianyň maşgalasy eksgumasiýanyň geçirilmegine rugsat berdi diýdi. Bu eksgumasiýa daşary ýurtly sud derňew ekspertleri tarapyndan geçiriler.

Žwania we Gürjüstanyň Kwemo Kartli regionynyň häkiminiň orunbasary Raul Ýusupow 2005-nji ýylda Tbilisidäki ýaşaýyş jaýynda öli tapylypdy.

Başlangyçda derňewçiler gürji resmileriniň heläk bolmagyna jaýdaky ýyladyjydan çykýan zäherli gazyň sebäp bolandygyny aýdypdylar.

Gürjüstanda “Gürjü arzuwy” atly koalisiýa häkimiýet başyna gelensoň, bu baradaky derňewler 2012-nji ýylda gaýtadan başladyldy.

XS
SM
MD
LG