Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Keýpihon, bezemen geýnen bir ýigit
Köçeden çalaja hiňlenip gelýä.
Içe sygman, dyňzap duran şatlygyň
Sebäbini onuň bir özi bilýä...

Bir geňsi zat – gymmatbaha penjegiň
Tutuş hapalanan ýakasy, ýeňi.
Kömür çyrşan ýaly keýpine, özi –
Ilenok gulaga gynanç äheňi.

"Gözi ýer görenok" diýlişi ýaly,
Gamsyz gözler hol asmany sermeýä.
Tanyş-u-nätanyş öňünden çyksa,
Ne sagyn, ne solun gözi görmeýä…

Bu halda öňünden dosty çykmazmy!
"Ýer-ow, şepe, oýun edýämi bu pany?
Düýnem akyl-huşuň ýerbe-ýerdi-le,
Bu gün nirden tapdyň onça hapany?

Talaňçylan penjesine düşdüňmi,
Ýa-da ýata suwa çümdüňmi boýlap?
Men bilýän – bolmasa düýpli bir sebäp,
Ili güldürmezdiň özüňi oýnap…"

"Dost jan, edil şu wagt wokzaldan gelýän,
Az-kem köşeşdim men, belki, gowşadym.
Gaýnenemi uzak ýola ugradyp,
Parowozy gujakladym, ogşadym!.."

XS
SM
MD
LG