Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Howpsuzlyk paktyna gol goýuldy


Birleşen Ştatlar we Owganystan köp wagtdan bäri soňa goýulýan howpsuzlyk paktyna gol goýdy. 30-njy sentýabrda Owganystanyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Hanif Atmar (Hanif Atmar) we Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçisi Jeýms Kanningam (James Cunningham) dagylar iki ýurduň adyndan gürrüňi gidýän şertnama gol goýdular.

Bu ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasy (BSA) 31-nji dekabrda Owganystanda halkara uruş missiýasy tamamlanandan soň, Birleşen Ştatlaryň 10 müňe golaý goşunynyň Owganystanda galmagyna mümkinçilik döreder.

29-njy sentýabrda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň metbugat wekili, öňki prezident Hamit Karzaýyň bu baradaky pozisiýasyndan tapawutlylykda, şertnama gol goýuljakdygyny tassyklady.

XS
SM
MD
LG