Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanlylar goşuna alnyp başlandy


Soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Orsýetiň ýaragly güýçlerine çeçenistanly ýaşlar alynýar.

Şu güýzde 18-27 ýaş aralygyndaky 500 çemesi adam goşuna alynar.

Orsýetiň Günorta harby okrugynyň resmileriniň 1-nji oktýabrda aýtmagyna görä, harby gulluga çagyrmak boýunça komissiýalar Çeçenistanyň 17 etrabynda işläp başlady we goşun gullugyna täze alnanlar harby bölümlere 10 günüň dowamynda iberiler.

Orsýetde harby gullugyň wagt möhleti bir ýyldan ybarat.

Çeçen ýaşlarynyň Orsýetiň goşun gullugyna alynmagy 1994-nji ýylda, Kremliň Çeçenistanyň separatist ýolbaşçylaryny agdarmak üçin regiona goşun salmagyndan soň bes edilipdi. Orsýet Çeçenistanda “terrorçylyga garşy” diýlip atlandyran öz operasiýasyny tamamlandygyny 2009-njy ýylda yglan etdi.

Çeçen separatist söweşijileri yslamçy gozgalaňlara baş goşup, Orsýetiň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionynyň beýleki böleklerine ýaýradylar.

XS
SM
MD
LG