Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kong: Protest dowam edýär


Demokratiýa tarapdar protestçiler Hytaýyň Milli güni mynasybetli baýdagy galdyrmak dabarasyna gatnaşan Hong Kongyň liderini wezipesinden çekilmäge çagyrdylar. Hong Kongyň köçelerini böwetlän protestçiler demokratik reformalary we territoriýanyň lideriniň 2017-nji ýylda göni saýlawlar arkaly saýlanmagyna mümkinçilik döredilmegini talap edýärler.

Ýerine ýetiriji lider Leung Çun-ying öz çykyşynda adamlar “islenilýän reformalar toplumynyň” nämeden ybaratdygy barada dürli pikirde galýarka, ses bermäge hukukly bolmak, bolmazlykdan has gowudyr diýdi.

Pekin geçen hepdede Hong Kongyň ses berijileriniň öz liderini saýlamagyna rugsat berjegini, emma dalaşgärleriň saýlanmagynyň çäklendiriljegini we Pekindäki hökümet tarapyndan tassyklanjagyny aýtdy.

Demonstrantlar eger Leung wezipesinden çekilmese we Hýtaýyň hökümeti giň saýlaw reformalaryna razy bolmasa öz protest çykyşlaryny ýaýbaňlandyrjagyny duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG