Sepleriň elýeterliligi

Orsýet we D.Koreýa gepleşik geçirýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Demirgazyk Koreýa bilen “dürli ugurlardan” gatnaşyklaryny ösdürmek planlarynyň bardygyny aýtdy.

Lawrow bu barada Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Ri Su Yong bilen 1-nji oktýabrda Moskwada geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Lawrow Ri bilen gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklara, ykdysady gatnaşyklara we Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaýa esasy üns berilendigini belledi.

Ri Moskwanyň we Phenýanyň arasyndaky “gatnaşyklaryň öňden gelýän däbini” nygtady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň “gan bilen berçinlenendigini” aýtdy.

Riniň Orsýete 10 günlük saparynyň dowamynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça alty taraplaýyň gepleşikleriň dowam etdirilmegi meselesini maslahat etmegine garaşylýar. Phenýan bu gepleşikleri 2009-njy ýylda togtadypdy.

XS
SM
MD
LG