Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň ýolbaşçysy çalyşýar


Norwegiýanyň öňki premýer-ministri Jens Stoltenberg 1-nji oktýabrda NATO-nyň 13-nji Baş sekretary wezipesine bellenýär.

Gurama wezipeden çekilýän 55 ýaşly daniýaly Anders Fogh Rasmussenyň goly astynda öz goşunlarynyň aglaba bölegini Owganystandan çekmäge taýýarlanýar we Ukrainadaky krizisiň üstünde Orsýet bilen dartgynlylygy başdan geçýär.

Norwegiýanyň Zähmet partiýasynyň öňki ýolbaşçysy Stoltenberg sekiz ýyllap premýer-ministr bolansoň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda wezipesinde çekildi. Onuň hökümet baştutanlygynda Norwegiýa NATO-nyň Owganystandaky harby missiýasyna, şeýle-de Liwiýada NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky uçuşdan azat zonasyna gözegçilik etmek üçin öz uçarlaryny berdi.

Stoltenberg Barensew deňzinde 40 ýyllap dowam eden serhet dawasynyň soňuna çykmak barada Moskwa bilen 2010-njy ýylda gol çekilen ylalaşyk ugrunda gepleşikleri alyp barypdy.

XS
SM
MD
LG