Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: Ok atyşykda 10 adam öldi


Ukrainanyň günortasynda gozgalaňçylaryň elindäki Donetsk şäherinde bolan ok atyşykda 10 çemesi adamyň wepat bolandygy barada habar berilýär.

1-nji oktýabrda mekdebiň howlusyna atylan okdan üç adamyň wepat bolandygy, beýleki adamlaryň golaýdaky koçede mikroawtobusa ok degensoň heläk bolandygy aýdylýar.

Ok atyşyk Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda bolan söweşler sebäpli yza tesdirilen täze okuw ýylynyň başynda ýüze çykdy.

Ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gelnen ylalaşyga garamazdan, Donetskde şeýle wakalaryň ýüze çykýandygy barada yzygiderli habar berilýär. Regionda aprel aýynda başlanan çaknyşyklar zerarly 3 müňden gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG