Sepleriň elýeterliligi

FLEX-iň togtadylmagy gahar döretdi


FLEX programmasyna gatnaşýan studentler Miçigianda, Kalamazodaky Rus festiwalynda, 2013.

FLEX programmasyna gatnaşýan studentler Miçigianda, Kalamazodaky Rus festiwalynda, 2013.

Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän abraýly student alyş-çalyş programmalaryna gatnaşýan orsýetliler Orsýetiň bu programma gatnaşmagy togtatmak baradaky kararyndan nägileliklerini bildirdiler.

Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilen meşhur student alyş-çalyş programmalaryna ozal gatnaşan, häzir gatnaşýan we geljekde gatnaşmakçy orsýetliler, Moskwa bilen Waşingtonyň Ukraina üstündäki garpma-garşylygy arasynda, öz hökümetleriniň iki onýyllyk bäri dowam edýän programma gatnaşmagy togtatmak baradaky kararyndan nägile boldular.

«Meniň pikirimçe, olaryň indiden eýläk ýa belli bir döwre çenli bu bäsleşige gatnaşyp bilmezlikleri örän uly ýitgi. Syýasat syýasatdyr, emma bu ajaýyp tejribe boldy» diýip, 25 ýaşyndaky moskwaly Anna Şalaşina özüniň Birleşen Ştatlarda, ABŞ-nyň geljekki liderleriň alyş-çalşygy (FLEX) programmasy astynda geçiren bir ýylyny süýjülikde ýatlaýar.

“Başgalaryň şeýle mümkinçilikden peýdalanyp bilmejegi örän lapykeç edýär” diýip, ol aýdýar.

Orsýet 30-njy sentýabrda Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasyna özüniň 2015-16-nji ýyllaryň FLEX programmasyna gatnaşmagy togtadýandygyny aýtdy. Bu programma esasynda ozalky Sowet Soýuzynyň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri Birleşen Ştatlara okuwa iberilýärdi diýip, ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Jon Tefftiň beýanatynda aýdylýar.

Soňky 21 ýylyň dowamynda 8 müňden gowrak orsýetli student amerikan maşgalalarynda ýaşap, Birleşen Ştatlaryň ýokary mekdeplerinde okadylar diýip, Tefftiň beýanatynda bellenilýär.

“Bu ýaş orsýetliler Orsýetiň iň gowy wekilleriniň adyndan, 50 ştatyň ählisinde millionlap amerikala medeni ilçiler hökmünde gulluk etdiler” diýip, ol aýtdy.

Bu beýanat FLEX programmasynyň ozalky uçurymlarynyň, oňa häzirki gatnaşyjylaryň, indi gatnaşmakçy bolýan studentleriň arasynda ynanmazlyk, lapykeçlik tolkunyny döretdi.

Olaryň bir topary sosial ulgamlarda, şol sanda twitterde rus hökümetiniň bu kararyna protestlerini bildirdiler.

"Men bu ýurtdan gitmeli"

“Olar edil ýaňy meniň arzuwymy elimden aldylar, sag boluň» diýip, ýekaterinburgly twitter ulanyjy ýazdy. “Men bu ýerden pursat dörän badyna gitmeli.”

Döwlet departamenti tarapyndan howandarlyk edilýän student alyş-çalyş programmasy 1992-nji ýylda, ozalky Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň ýetginjeklerini bir ýyllyk Birleşen Ştatlaryň ýokary mekdeplerine ibermek bilen, medeni dününişmegiň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinipdi.

Bu programma işe başlaly bäri Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gürjüstandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Ukrainadan 20 müňden gowrak studentiň Birleşen Ştatlarda bir ýyllap okamagyna mümkinçilik döretdi.

FLEX programmasynyň orsýetli uçurymlarynyň ençemesi özleriniň Birleşen Ştatlarda bütin durmuşlaryny özgerden bir ýyla gowy baha berdi.

“Iňlis dili ikinji ene dilim ýaly boldy, men başga adam öwrüldim» diýip, Sankt Peterburgyň Döwlet uniwersitetiniň 18 ýaşly studenti Ýekaterina Borodina Vkontakte saýtynda aýtdy. “Men ol ýeriň medeniýeti, adamlary, mentaliteti we milli häsiýetleri barada gaty kän zat öwrendim.”

Moskwadaky MAGRAM marketing barlaglary merkeziniň direktory Marina Malykhina 1994-95-nji okuw ýylyny Oregonda geçirip, diňe iňlisçesini ösdürmändigini, eýsem medeni düşünjesiniň ýokarlanandygyny we munuň şahsy garaşsyzlygyny gazanmaga uly kömek edendigini aýdýar.

Ol rus hökümetiniň bu kararyna gaýtadan seretmegine we pozisiýasyny üýtgetmegine umyt baglaýar.

“Medeni we mekdep alyş-çalyşlary bütin dünýäde edilýän we öňden gelýän däp. Elbetde, indiden beýläk bizde şeýle mümkinçiligiň bolmazlygy gynançly. Ýöne men bu mümkinçilik geljekde bir öwrümde ýene bolar diýip umyt edýärin” diýip, ol aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG