Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda täze binalar açyldy


Prezident Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen surata düşdi. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty
Prezident Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen surata düşdi. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty

1-nji oktýabrda Aşgabatda täze desgalaryň açylmagyna bagyşlanan aýdym-sazly, prezidentiň adyna aýdylýan alkyş sözlerinden doly dabaralar boldy.

Türkmen mediasy prezident G.Berdimuhamedowyň paýtagtdaky Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, durky täzelenen ýoluň, Türkmenistanyň Ministrlar kabinetiniň täze gurlan binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşandygyny habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow dabaranyň geçjek ýerinde şowhunly elçarpyşmalar, alkyş sözleri bilen garşy alyndy we ýaşulular bilen duşuşyp, bu gün täze bir obanyň açyljagyny aýtdy:

«Bu gün ine, täze obany açjak. Atamyrat Nyýazow adyndaky şaýol täzeden guruldy: 2 km-den gowrak uzynlygy bar muň, ýanýollary, adamlar erkin geçer ýaly 6 sany ýerasty geçelgesi bar muň, 14 sany ýaşaýyş binasy guruldy.»

"Bir ýerde eşret bar bolsa..."

Prezident Berdimuhamedow täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda 1072 sany maşgalanyň ýaşajagyny aýtdy we «bir ýerde adam üçin eşret bar bolsa, şu jaýlarda oturanlarda bolar» diýdi.

Şeýle-de prezident, «pursatdan peýdalanyp, dabara çagyrylan we özüne alkyş baryny aýdan ýaşululary olaryň Halkara güni bilen gutlady.

Türkmen telewideniýesi täze jaý alan bir enäniň prezidente aýdan minnetdarlyk sözlerini hem ile ýetirdi. Täze jaý alan serhet goragçylarynyň adyndan hem prezidente alkyş aýdyldy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet Ösüş bankynyň täze gurlan binasynyň açylyşyna gatnaşdy.

Prezidente haly berilýär

Bu täze bina 69 iş otagyndan ybarat bolup, olar 120 işgäre niýetlenen.
Açylyş dabarasynyň soňunda bankyň işgärleriniň prezident Berdimuhamedowa ajaýyp bir halyny sowgat berendikleri hem habar berilýär.

Soňra prezident Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň täze Işewürlik merkeziniň açylyşyna gatnaşyp, ýene bir haly sowgat aldy.

Täze Işewürlik merkeziniň 12 gatly toplumynyň meýdanynyň 30 müň 600 kwadrat metrdigi, iş kabinetlerinden başga 600 orunlyk mejlisler zalynyň, 500 orunlyk banket zalynyň, restoranlarynyň we söwda merkeziniň hem bardygy aýdylýar.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow Hytaýyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Belarusyň, Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçileri bilen täze jaý alan demirýol işçisiniň jaý toýuna myhman bolup, öý eýesi we onuň myhmanlary bilen söhbetdeş boldy, Söwda merkeziniň kitap dükanynda işleriň gurnalyşy bilen tanyşdy.

Täze açylan binalaryň arasynda her biri 600 orunlyk iki orta mekdep, her biri 160 çaga niýetlenen iki çagalar bagy hem bar.

Şeýle-de prezidentiň paýtagtyň günortasynda "Bezeňňi" mineral suw kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy aýdylýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň paýtagtyň merkezinde açylan täze binasy umumylykda 54 müň kwadrat metrden gowrak meýdany tutýar.

"Hökümet baştutany bu binada, "Oguzhan" köşkler toplumynda bolşy ýaly, döwletimiz üçin iň möhüm kararalar kabul ediler diýdi" diýip, TDH ýazýar.

XS
SM
MD
LG