Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: 16 sany hytaýly tussag edildi


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň resmileri polisiýa ofiserine hüjüm etmekde aýyplanýan 16 hytaý raýatyny tussag etdi.

Bişkek Şäher polisiýa departamentiniň metbugat wekili Bakyt Seitow özüniň 2-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda tussag edilen daşary ýurt raýatlary huligançylykda, döwlet resmisine hüjüm etmekde we hususy emläge zeper ýetirmekde aýyplanýar diýdi.

Seitowyň maglumatyna görä, 30-njy sentýabrda Bişkegiň merkezinde hytaýly gurluşyk işgärleri polisiýa ofiserine hüjüm edipdirler.

Maglumata görä, wakanyň bolan pursady hytaýly işgärleriň serhoşdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG