Sepleriň elýeterliligi

Haj zyýaraty başlady


1 million 400 müň çemesi musulman zyýaratçylarynyň Saud Arabystanyna haj zyýaraty başlady.

160 ýurtdan baran musulman zyýaratçylary haj parzyny ýerine ýetirmek üçin 2-nji oktýabrda Mekke şäherinden Mina jülgesine tarap ugradylar.

Haj zyýaraty Yslam dininiň bäş parzynyň biridir.

Maglumatlara görä, terrorçylyk aladalary sebäpli howpsuzlyk çäreleri artdyrylypdyr. Hususanda, şu ýyl “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň we keselçiligiň ýaýramagy bilen howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigi habar berilýär.

Saglyk resmileri “MERS” wirusyna garşy göreşip, “Ebola” wirusyna garşy hem ünsli çemeleşýärler. “Ebola” wirusy sebäpli Günbatar Afrikada 3 müňden gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG