Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Üç adam poliomielite uçrady


Pakistanda poliomielit keseline uçran ýene üç adam hasaba alyndy. Ýerli metbugatyň saglyk resmilerine salgylanyp 2-nji oktýabrda beren maglumatynda poliomielit keseline uçran üç adamyň hem ýurduň tire-taýpalar regionynda hasaba alnandygy habar berilýär.

"The Express Tribune" atly websahypanyň maglumatyna görä, şu ýyl Pakistanda poliomielit keseline uçran 187 adam hasaba alnypdyr.

Awgust aýynda Pakistan ýurduň ýedi sany tire-taýpalar sebitindäki 700 müňden gowrak çaga waksina sançmak üçin täze saglyk kampaniýasyna başlapdy.

Saglyk resmileri pitneçileriň agdyklyk edýän sebitinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlygy sebäpli anti-polio kampaniýasynyň çäginde 300 müňe golaý çaga waksina sanjymynyň amala aşyrylmajakdygy barada duýduryş berdi.

XS
SM
MD
LG