Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde üç adam öldi


Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bombaly hüjüminde üç adam öldi, şeýlede 10 sanysy ýaralandy. Owgan Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, hüjümçi bu wakada Owgan armiýasynyň awtobusyny nyşana alypdyr.

“Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. 1-nji oktýabrda hem, “Talyban” hereketiniň janyndan geçen hüjümçileri Kabulda owgan esgerlerini alyp barýan iki awtobusa hüjüm etdi. Şol wakada ýedi adam ölüp, 21 sanysy hem ýaralanypdy.

Bu hüjüm Owganystan NATO we Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk ylalaşygyna gol goýandan bir gün soň amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG