Sepleriň elýeterliligi

“Häkimiýetleri tankyt etmek güna”


Duşenbäniň metjitleriniň biri

Duşenbäniň metjitleriniň biri

Ýakynda Täjigistanyň baş müftisi, prezident Emomali Rahmonyň tankytçylaryna garşy fetwa ýayratdy. Baş müfti Seýidmükerrem Abdylkadyrzadanyň 27-nji sentýabrda ýayradan fetwasyna görä, “häkimiýeti tankyt etmeklik uly güna diýilip hasaplanar”.

Ol žurnalistlere beren maglumatynda “tankydyň häkimiýete bolan ynama kölege salyp biljekdigini hem sözlerine goşdy.

Abdylkadyrzada bu fetwasyny anna güni Täjigistanyň paýtagty Duşenbedäki baş metjitde halka ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy. Täjigistanyň esasy oppozisiýon partiýasy bolsa, bu fetwanyň häkimiýetleriň tabşyrygy bilen berlendigini aýdýar.

Täjigistanyň ýolbaşçylary, ýurtda ýaşlaryň arasynda işsizligiň aşa ornaşan häzirki döwürinde, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda “ýaşlaryň radikallaşmagyndan howatyrlanýarlar”. Soňky üç aýyň dowamynda Siriýada hökümete garşy göreşýän toparlaryň hatarynda azyndan 10 Täjigistanly heläk boldy.

Ýatladyp geçsek, 17 ýaşyna çenli ýaşlaryň Täjigistanda metjide barmagy, mekdebe gatnaýan okuwçy gyzlaryň başlaryny örtüp okuwa barmagy-da gadagan. Sakgal goýan ýaşlaryň hem howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanýandyklary barada maglumatlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG