Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Pitneçiler aeroporta hüjüm edýär


Gündogar Ukrainadaky pitneçi güýçler Donetks şäherinde hökümetiň kontrollygyndaky aeroportuň gözegçiligini ele salmaga synanyşýarlar.

2-nji oktýabrda Ukrain harbylarynyň metbugat wekili orsparaz separatistleriň mundan bir gün öň “giň frontda” başlan hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Pitneçileriň lideri özüniň 1-nji oktýabrda beren maglumatynda separatistler güýçler “aeroportuň territoriýasynyň 90%-niň” kontrollygyny eýeleýär we “iki ýa-da üç günüň dowamynda” onuň gözegçiligini doly ele salmagy planlaşdyrýarlar diýdi.

Ukrainada alty aý bäri dowam edýän konfliktiň çäginde ok atyşygy bes etmek boýunça 5-nji sentýabrda gol goýlan ylalaşyga garamazdan, gürrüňi gidýän aeroportda hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda çaknyşyklar boldy.

XS
SM
MD
LG