Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 15 söweşiji öldürildi


Pakistanyň armiýasy ýurduň Owganystan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar regionynda amala aşyrylan howa zarbasynda 15 söweşijiniň öldürilendigini we olaryň üç buky ýeriniň ýok edilendigini habar berýär.

Pakistanyň harbylary özleriniň 3-nji oktýabrda beren maglumatynda howa zarbalarynyň Haýber tire-taýpalar etrabynda amala aşyrylandygyny bellediler.

Iýun aýynda Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristany “Pakistanyň Talyban” hereketinden we beýleki pitneçi toparlardan arassalamak maksady bilen operasiýalary başladypdy. Pakistanyň armiýasy bu operasiýalarda 1 müňden gowrak söweşijiniň öldürilendigini aýdýar. Emma bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG