Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda üç söweşiji öldürildi


Russiýanyň ýolbaşçylary Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda polisiýanyň azyndan üç söweşijini öldürendigini habar berýärler.

Dagystanyň hukuk goraýjy resmileri gürrüňi gidýän söweşijileriň 2-nji oktýabrda Untsukul etrabyndaky Wremenny atly obada geçirilen howpsuzlyk operasiýalary döwründe jaýyň çökmegi netijesinde ölendigini aýdýarlar.

Bu operasiýalar döwründe bir polisiýa ofiseri hem ýaralandy. Maglumata görä, wakada parahat ilatyň arasyndan adam ýitgisi bolmandyr.

Dagystan we Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndaky beýleki respublikalar yslamçy ekstremizm we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Şol ýowuzlyklarda onlarça adam öldürildi we ýaralandy.

XS
SM
MD
LG